dcsimg
Creatures » » Plants » » Dicotyledons » » Umbellifers »

Ferula oopoda (Boiss. & Buhse) Boiss.

Okaraly çomuç ( Turkmen )

provided by wikipedia emerging_languages

Okaraly çomuç (Ferula oopoda)- saýawanlylar maşgalasyndan boýy 130-150 (200) sm-e ýetýän köpýyllyk otjumak ösümlik. Ol aprel aýynyň ikinji ýarymynda gülleýär, miwesi may-iýunda ýetişýär. Ösümlik Günbatar Garagumda duşýar. Okaraly çomujyň (keýigokaranyň) dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Halk we ylmy lukmançylygynda ösümligi keselleriň 50-den gowragynyň garşysyna dermanlyk maksatlary üçin ulanylýar.Ösümligiň dermanlyk sakyzyny jynsy gowşaklykda we öňelgesizlikde,ganazlykda,gaýryüzülmede, bagyr sökelliklerinde, aşgazan ýaralarynda, şonuň ýaly-da zäheriň garşysyna giňden peýdalanylýar. Ylmy lukmançylykda ösümligiň sakyzynyň böwregüsti mäzleriň işleýşini sazlaýandygy, gormonlaryň bozulmasynda we bedeniň immunitet derejesini dikeldýändigi, sowuklamanyň garşysyna täsir edýändigi ýüze çykaryldy.

license
cc-by-sa-3.0
copyright
Wikipediýa awtorlary we redaktorlary