dcsimg
Image of cup lichen
Life » » Fungi » » Ascomycota » » Cladoniaceae »

Cup Lichen

Cladonia pyxidata (L.) Hoffm.

Golça görnüşli kladoniýa ( Turkmen )

provided by wikipedia emerging_languages
Golça görnüşli kladoniýa

GOLÇA GÖRNÜŞLI KLADONIÝA (Cladonia pyxidata) (ru:кладония бокальчатая) Kladoniýalar maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi IV. Seýrek görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Türkmenistanyň florasynda üžňe ýaýrawly, köp görnüşli urugyň iki görnüşiniň biri. Gysgaça beýany. Bedeni (sloýewişesi) örän uly teňňelerden ybarat. Podesiýalary bulgurjyk görnüşinde, bitewi ýa-da diş-diş gyraly, beýikligi 2 sm çenli, çalymtyl- ýaşylymtyl düwürtikjimek perde bilen örtülen, iýiji kaliý täsir edende reňki üýtgemeýär. Apotesiýalary seýrek duş gelýär, agajyň gabygynda ýerleşýär, goňurymtyl reňkli. Ýaýraýşy. Merkezi we Günorta-Günbatar Köpetdag (Duşak, Arwaz, Nohur, Aýydere jülgeleri). Türkmenistandan daşarda — Ýewropa, Alynky Aziýa, Kawkaz, Amerika, Awstraliýa, Täze Zelandiýa. Bitýän ýerleri. Gaýalaryň jaýryklary, moh ýassyjyklarynyň üsti, arça agajynyň sütüniniň aşaky bölegi, yzgarly ýerler. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. 0,5– 1,0 m² meýdanda, esasan, topbak, bolup ösýär. Esasy çäklendiriji sebäpler. Bitýän ýeriniň üýtgemegi, adamyň işjeň täsiri. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Jynsly köpelmek (askosporalary) bilen ýaýraýar. Ýetişdirilişi. Ýetişdirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Köpetdag döwlet goraghanasynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Mal bakmagy çäklendirmeli we populýasiýanyň ýagdaýyna gözegçilik etmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Bitýän ýerlerini hasaba almaly, ýaýrawyny anyklamaly. Düzüji Z. Joraýewa

Salgylanmalar

license
cc-by-sa-3.0
copyright
Wikipediýa awtorlary we redaktorlary

Golça görnüşli kladoniýa: Brief Summary ( Turkmen )