Köpaýaklylara türkmenler kyrkaýaklylar hem diýilýär. Olaryň bedeni gurçugyňky ýaly uzyn, ol iki: guýlan kelle-kükrekden we uzyn göwreden durýar. Göwräniň iki tarapynda köp sanly bogunly aýaklar bolýar. Beden yzynda toýnakşekilli ösüntgiler ýerleşen. Köpaýaklylaryň köplenji görnüşleri ýyrtyjy bolanlary üçin olaryň kelle bölümi, şol sanda agyz organy güýçli ösüpdir. Kelle üstünde ýerleşýän jübüt murtlary, inçeden uzyn, bogunlardan durýar. Olar duýuş hem-de ys alyş organlary hasaplanýarlar. Kelläniň öň iki gapdallarynda 2,4 ýa-da has köpüräk gözler ýerleşýärler. Gözleriň köp bolmagyna garamazdan olaryň görüjiligi örän pesdir, munuň şeýle bolmagy olaryň gijeki haýwanlar bolmagyndandyr, toprakda we ýere gaçan ösümlik ýapraklarynyň,çüýrüntgileriniň arasynda ýaşamagyndandyr. Kelläniň iki gapdalynda iki sany hemoreseptorlary (Tmeşwaryň organy) ýerleşýärler. Siňek tutujy (Scutigera) köpaýaklynyň iki gözi onuň maňlaýynda degiş, bir çylşyrymly göz ýaly bolup ýerleşýär. Bu siňek tutujy Köpetdag eteklerinde syçanlaryň we alakalaryň taşlap giden hinlerinde duş gelýär. Köpaýaklynyň agyz organy güýçli hitinleşen dodaklardan, ýokarky we aşaky dişli äňlerden durup, olar awlary bölek-bölek etmäge ukyplydyr. Köpaýaklylaryň hemme görnüşleriniň bedeni hitin, köplenji hek gatyşykly kutikula bilen örtülen, şoňa görä-de olaryň bedeni gap-gaty bolýar. Iýmitleniş sistemasy köpaýakly Lithobius forficatus-yň agyzdan, gyzylödekden, örän uzyn hem ýogyn ortajy içegeden, göni içegeden we anal deşiginden ybaratdyr. Bularda suwuklygyny agyz boşlugyna guýýan iki sany tüýkülik mäzleri we yzky uçlary göni içegä birleşýän iki sany uzyn malpigi sosudlary bolýarlar. Malpigi sosudlary bölüp çykaryş sistemasynyň wezipesini ýerine ýetirýärler. Nerw sistemasy beýni gangliýalaryndan, olaryň ýanlarynda ýygnalan nerw öýjükleriniň toplumlaryndan, olardan aýrylyp gidýän nerw sütünjiklerinden we olaryň ösüntgilerinden ybarat. Köpaýaklylaryň gan aýlanyş sistemasy oňat ösen. Olaryň ýüregi turbaşekilli bolup, bütin bedeniň uzynlygyna uzalyp gidýär we ondan örän köp sanly gan sosudlary aýrylyp gidýärler hem-de ähli organlara barýarlar. Köpaýaklylar aýry-aýry jynslydyrlar. Olaryň jyns organlary garyn tarapynda ýerleşýärler. Jyns organy kiwsýagyň (Schizophyllum sabulosum) bedeniniň birinji ýarymynda, Chilopoda kiçi klasynyň wekillerinde bolsa bedeniň ikinji bölüminde ýerleşýärler. Köpaýaklylar tropik we subtropik klimatly ýurtlarda has köpdir we giňden ýaýrandyr. Olar Kawkazda we Orta Aziýada, şol sanda Türkmenistanda hem görnüşleri we osoblary boýunça köpdür. Köpaýaklylaryň käbir görnüşleri zäherlidir.